Ýadro gepleşikleri dowam edýär

Eýran ýadro ylalaşygy boýunça şertlerini yglan etdi

313202
Ýadro gepleşikleri dowam edýär

Eýran bilen BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň hemişelik bäş agzasyndan we Germaniýadan ybarat bolan “5+1 toparynyň” arasyndaky ýadro gepleşikleri dowam edýärkä eýranly halk deputatlary “Ýadro hukuklarynyn goralmagy baradaky taslamany” tassyklady.
Taslama mejlisde geçirilen sese goýulşykda 199 halk deputatynyň sesi bilen kabul edildi.
Eýranyň Mejlisiniň Başlygy Ali Larijani taslamanyň hökümeti ýadro tehnologiýasynda gazanylanlary goramaga borçly edýändigini ngytap: “Milli bähbitleriň goralmagy we ýadro ýaraglarynyň ýaýbaňlanmagynyň öňüniň alynmağy baradaky ylalaşyga” (NPT) laýyklykda 5+1 topary bilen alynyp barylýan gepleşiklerden alynjak netijeleriň, tassyklanan taslama laýyk gelen halatynda güýje girjekdigini” aýtdy.
Mejlisiň esasy köplügi tarapyndan tassyklanan taslamada şu maddalar bar:
- Ylalaşyljak tekstde Eýrana goýulan sanksiýalaryň ählisiniň bir gezekde bes ediljekdigi aç-açan beýan edilmeli we ylalaşygyň güýje giren gününden başlap iş ýüzüne geçiriler.
- Halkara Atom Energiýasy Gullugy ýadro desgalaryny diňe NPT ylalaşygna laýykdaky derňeme hukugyna eýedir. Harby, howpsyzlyk we ýadro däl ýerler bilen ýadro alymlary we resminamalary eldegirilmesizdir. Bu mesele boýunça Ýokary milli howpsyzlyk geňeşiniň kararlary berjaý ediler.
- Parahatçylykly ýadro ylymy we Ylmy-barlag işleri üçin haýsydyr bir çäklendirme kabul edilmez, mesele boýunça Ýokary milli howpsyzlyk geňeşiniň kararlaryna salgylanylar.
Eýran bilen 5+1 ýurtlary 30-njy iýyna çenli sanksiýalary bes edýän we ýadro maksatnamasyny çäklendirýän giň gerimli ylalaşyk gazanmaga synanşýar, emma taraplaryň arasynda sanksiýalaryň nähili bes ediljekdigi we ýadro maksatnamasynyň nähili derňeljekdigi boýunça düşnüşmezlikler bar.
Taraplar 2-nji aprelde Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde ylalaşyk gazanypdy we ylalaşyk teksitiniň 30-njy iýuna çenli tamamlanmagy barasynda netijä gelipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar