BMG-niň Ysraýylyň hüjümi baradaky habarnamasy

BMG-niň 2200-den gowrak palestinalynyň ýogalmagyna sebäp bolan Ysraýylyň gaza operasiýasy baradaky habarnamasyny beýan edildi

314230
BMG-niň Ysraýylyň hüjümi baradaky habarnamasy

BMG-niň gözegçileri tarapyndan taýarlanan habarnamada geçen ýyl guralan operasiýanyň dowamynda hem Ysraýylyň hem-de palestinaly ýaragly toparlaryň harby jenaýat eden bolmaklarynyň ahmaldygy nygtalýar.
2014-nji ýylda guralan Gaza operasiýasyny derňän toparyň habarnamasynda iki tarapyň hem adam hukuklaryny we halkara hukugyny basgylandygy barada maglumat ýygnalandygy bellenilýär.
Habarnamada Ysraýylyň 6 müň howa we 50 müň snarýad hüjümini gurandygy nygtalýar.
51 gün dowam eden operasiýada palestinaly ýaragly toparlaryň bolsa Ysraýyla garşy 4881 roketa we 1753 snarýad hüjümini gurandygy beýan edilýär.
Habarnamada üns çekiji detallar hem berilýär. Ýüzlerje palestinalynyň öýlerinde öldürilendikleri barada aýdylýan habarnamada, azyndan 142 maşgala Ysraýylyň hüjümlerinde 2 ýa-da 3 agzasyny ýitirdi.
Habarnama nägilelik bildiren Ysraýyl, derňew toparyny ýalňyş pikirli bolmakda aýyplady.
Ysraýylyň geçen ýylyn iýul we awgust aýlarynda Gaza guran hüjümlerinde esasy bölegi asuda ilatdan 2200-den gowrak palestinaly ýogalypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar