Siriýaly oppozisionerler ylalaşyk gazandy

Oppozisionerler Eýrany sebiti gözegçilik astyna almaga synanşmak bilen günäkärledi

299967
Siriýaly oppozisionerler ylalaşyk gazandy

Siriýaly oppozisionerleriň bir bölegi Asady agdarmak üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi meselesinde ylalaşyk gazandy.
Müsüriň paýtagty Kairde jemlenşen oppozisionerler Siriýada wagtlaýyn hökümetiň gurulmagyny göz öňünde tutýan 2012-nji ýyldaky Ženewa iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi barada pikir alyşdy.
Oppozisionerler Siriýanyň geljeginde Prezident Başar Asadyň rolynyň ýokdygyny nygtady we Eýrany sebiti gözegçilik astyna almaga synanşmak bilen günäkärledi.
Maslahatda ylalaşyga gelnen iş meýilnamasy barada giňişleýin maglumat berilmedi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar