Mers hassalygy sebäpli 9 adam ýogaldy

Günorta Koreýada korona wirusy sebäpli ýüze çykan mers hassalygyndan ýogalanlaryň sany 9 adama ýetdi

301259
Mers hassalygy sebäpli 9 adam ýogaldy

Ýolbaşçylaryň hassalyga uçranlaryň 122 adama ýetendigini habar berýärler.
Hökümet wirusyň ýokaşandygy anyklanan adamlar bilen gatnaşyk eden 2900 adamdan başgalary bilen gatnaşyk we syýahat etmezliklerini isledi.
Prezident Park Geun-Hýe daşary ýurt saparlaryny bes eden bolsa, hökümet halky howsa düşmezlige we gündelik durmuşyny adaty dowam etdirmäge çagyrdy.
Entek bejergisi bolmadyk hassalygyň 20 günüň dowamynda çaltlyk bilen ýaýramagy sebäpli ýurtda berk çäreler görüldi.
Mekdep we iş ýerleri ýaly köp adamly ýerlerde saglyk barlaglary geçirilýär. Kabir okuw jaýlarynda dersler bes edildi.
Mers ilkinji gezek 2012-nji ýylyň sentýabr aýynda Saud Arabystanynda ýüze çykypdy.
Ýurtda soňky üç ýylyň dowamynda mers diagnozy goýulan 950 adamdan 412 sanysy ýogaldy.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy dünýä boýunça hassalyk sebäpli ýogalanlaryň sanynyn 447 adamdygyny habar berýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar