Çilide protest ýörişler guraldy

Adamlar hökümetiň bilim syýasatyny protest etmek üçin ýöriş guradylar

300910
Çilide protest ýörişler guraldy

Çiliniň paýtagty Santiagonyň köçeleri söweş meýdanyna döndi.

Polisiýa işgärleri bilimiň mugt berilmegini isleýän adamlara garşy gözüňi ýaşardýan gaz we uly basynç bilen akýan suw bilen garşylyk görkezdiler.

Çilide adamlar ençeme ýyl bäri döwlet okuwlaryndaky bilimiň hiliniň pesligine, uniwersitetleriň gymmatlygyna we derslere taýarlyksyz gelýän mugallymlara garşy protest ýörişini guraýarlar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar