Täze hökümet bilen işleşmek üçin sabyrsyzlanýarys
ABŞ täze parlament we hökümet bilen işleşmek üçin sabyrsyzlanýar
299125
Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Earnest Türkiýede geçirlen halk deputatlarynyň saýlawyndan soň täze parlament we hökümet bilen işleşmek üçin sabyrsyzlanýandyklaryny aýtdy.
Earnest gündelik metbugat ýygnagynda mesele barasyndaky soraglara jogap berdi we ABŞ-nyň NATO agza Türkiýe bilen syýasy, ykdysady we howpsyzlyk taýdan ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady.
Earnest, saýlawyň netijeleri terror guramasy DAİŞ-e garşy göreşe täsirini ýetirip bilermi? diýlen soraga beren jogabynda ABŞ DAİŞ-iň hataryna daşary ýurtly söweşijileriň goşulmagynyň öňüni almak üçin Türkiýe bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýandygyny ýatlatdy