Günorta Koreýada MERS wirusy ýaýbaňlanýar

Häzirki wagta çenli wirus sebäpli 436 adam ýogaldy

293000
Günorta Koreýada MERS wirusy ýaýbaňlanýar

Günorta Koreýada MERS wirusy sebäpli 3 adam ýogaldy. Häzirki wagtda wirus ýolugan adamyň sany 35-e ýetdi.

Ýurtda keseliň öňüni almak üçin 700-den gowurak mekdepde arakesme berildi.

Wirus sebäpli aglabasy Hytaýdan we Taýwandan dynç almaga geljek bolan müňlerçe adam Günorta Koreýa gurajak saparlaryny goý bolsun etdi.

MERS ilkinji gezek 2012-nji ýylyň senýabr aýynda Saud Arabystanynda ýüze çykypdy.

Häzirki wagta çenli MERS wirusy sebäpli ýolygan 1 müň 161 adamdan 436-sy ýogaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar