Omar Al Beşir kasam edip wezipesine başlady

Beşir ilkinji nobatda hökümetiń işini bes etdi

291841
Omar Al Beşir kasam edip wezipesine başlady

Sudanda aprel aýynda geçirlen prezident saýlawynda üstünlik gazanan we wezipesini ýene-de 5 ýyl möhlet bilen dowam etdirjek Omar Al Beşir kasam edip wezipesine başlady.
Prezident Beşir kasam edişlik dabarasyndan soń ilkinji nobatda hökümetiń işini bes etdi we 7 orunbasaryny wezipesinden boşatdy.
Häkimiýetiń başyndaky Milli Kongres partiýasynyń başlygynyń orunbasary İbrahim Gandur täze hökümetiń 2 günüń içinde guruljakdygyny aýtdy.
Al Beşir aprel aýynda geçirlen we oppozisionerleriń gatnaşmadyk saýlawynda sesleriń 94 göterimini alypdy.
Sudany 25 ýyldan bäri gönükdirýän Beşir düýn kasam edişlik dabarasynda eden çykyşynda özüne ses beren we ses bermedik ähli halka hyzmat etjekdigini atýdy.
Günbatarly ýurtlara dialog çagyryşyny beren Al Beşir parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmagy kabul eden halatynda ýurdundaky aýralykçy toparlaryń günäsiniń geçiljekdigini belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar