Gresiýany bankrotdan halas etmäge synanşýarlar

Gresiýa üçin Germaniýada jemlenişdi

301202
Gresiýany bankrotdan halas etmäge synanşýarlar

ÝB-niň we Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Gresiýa üçin Germaniýada jemlenişdi.
Maslahatda Gresiýa bilen geçirilýän gepleşikleriň dowam etdirilmegi barada karar kabul edildi.
Paýtagt Berlinde Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň ýer eýeçiliginde geçirlen maslahata Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland, ÝB Komissiýasynyň başlygy Jan Klod Ýunker, Ýewropanyň Merkezi bankynyň başlygy Mariýo Dragi bilen Halkara Pul gaznasynyň başlygy Kristin Lagard hem gatnaşdy.
Gresiýanyň ÝB-niň umumy pul birligi ýewroden çykmagy meselesi gün tertibinde esasy orun eýeleýär.
Gresiýanyň Halkara Pul gaznasyna we ÝB-ne milliardlarça dollarlyk karzy bar.
Gresiýa bankrotdan halas bolmak üçin 7 milliard 200 million ýewrolyk kredit kömegine garaşýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar