Antalýada siriýaly bosgunlar tussag edildi

Bosgunlar bikanun ýollar bilen Ýewropa barýardylar

300199
Antalýada siriýaly bosgunlar tussag edildi

Türkiýäniň Antalýa welaýatynyň Alanýa şäherinde gaýyk bilen Ýewropa gitmek islän aglabasy siriýaly bolan 174 bosgun tussag edildi.

Alanýanyň Kenarýaka howpsyzlyk gullugy Alanýanyň suw giňişliginiň 50 mil uzaklygynda “Open Sea” atly gaýygy saklady.

Gämini gözegçilik eden işgärler aralarynda 1 fransuz raýaty bolan 174 bosgunyň bardygyny bildiler.

Sorag-jogap geçirilenden soň bosgunlaryň Ýewropanyň dürli-dürli ýurtlaryna gitmek üçin ýola çykandyklary anyklanyldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar