Germaniýada Sisiniň gurajak saparyna garşy ýöriş guraldy

“Diktatoryň Müsüre girmegine rugsat bermäň”

285604
Germaniýada Sisiniň gurajak saparyna garşy ýöriş guraldy

Müsüriň Prezidenti Abdulfettah As Sisiniň geljek aýyň başynda Germaniýa gurajak saparyna garşy müsürli topar paýtagt Berlinde ýöriş gurady.
Demokratiýa üçin Germaniýa-Müsür bileleşigi jemgyýeti tarapyndan Federal Mejlisiň öňünde guralan ýörişe gatnaşanlar “Diktatoryň Müsüre girmegine rugsat bermäň”, “Ýok bolsun general Sisi” diýlip ýazylan şygarlar bilen birlikde Müsüriň saýlanan prezidenti Muhammed Mursiniň suratlaryny we Müsüriň baýdaklaryny göterdi.
Müsürde ýüzlerçe adama ölüm jezasynyň berlendigine we müňlerçe adamyň tussaglykda saklanýandygyna ünsi çeken demonstrantlar Müsürde iki ýyl ozal parahatçylyk we demokratiýa üçin ýöriş guranlaryň öldürlendigini ýatlatdy.
Müsürde agdarlyşyk arkaly häkimiýetiň başyna gelen Prezident Sisiniň iýun aýynyň başynda Germaniýa sapar guramagyna garaşylýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar