Pakistanda Talibana garşy operasiýa guraldy

Tahriki Taliban çarşenbe güni Karaçide 43 şaýyny öldüripdi

276015
Pakistanda Talibana garşy operasiýa guraldy

Pakistanyň Ýaragly güýçleri Demirgazyk Weziristan sebitinde Talibana garşy gurana howa hüjüminde 17 Talibanly başbozary öldürdi.

Ölenleriň Pakistanyň Tahriki Taliban toparynyň agzalarydygy we ölenlariň arasyna Pakistanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň raýatlarynyň bardygy aýdylýar.

Howa güýçlerine degişli uçarlar Owganystanyň serhedindäki daglyk Şawwal sebitinde Talibanly başbozarlaryň gaçypatalgalaryny bombalady.

Hüjümde Talibanlylara degişli ýaraglar we ok-däriler ýok edildi.

Operasiýanyň çarşenbe güni Tahriki Talibanyň Karaçide 43 şaýyny öldürmeginden soň guralandygy sebäpli köpleriň dykgatyny özüne çekdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar