Kipr gepleşikleri başlady

Türk tarapy gepleşikleriň başlamagy mynasybetli grek dolanşygy üçim möhüm başlangyç etdi

276335
Kipr gepleşikleri başlady

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy greklerden gelişde we gidişde soralýan “ýörite düzgünnama bilen wiza berilmegini” bes etdi.
Karar 16-njy maý şenbe güni 7 gümrük geçelgesinde güýje girer.
Bu baradaky kararyň beýan edilen sagatlarynda DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy grek dolanşygynyň lideri Nikos Anastasiadis bilen ara zolakda 4 sagat dowam eden gepleşik geçirdi.
Duşuşkda DKTR-nyň Prezidenti Akynjy grek dolanşygynyň lideri Anastasiadise gepleşikleri alyp baryjylar Özdil Nami we Andreas Mawroýannis hem-de gepleşik topary ýoldaşlyk etdi.
Duşuşyklardan soň beýanat beren BMG-nyň Baş Sekretarynyň Kipr boýunça şahsy geňeşçisi Espen Bart Aýde, liderleriň aýda azyndan iki gezek duşuşmak barada ylalaşandyklaryny, gepleşikleri alyp baryjylaryň has ýygy görüşjekdiklerini aýtdy.
23-nji maýda resmi naharda duşuşjak Mustafa Akynjy bilen Nikos Anastasiadisiň soňky duşuşygy bolsa 28-nji maýda geçiriler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar