Obama Arap liderler bilen duşuşar

Maslahata Ak Tam we Kemp Dewid ýer eýeçiligini eder

271660
Obama Arap liderler bilen duşuşar

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Pars Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň wekilleri bilen 13-nji maýda başlajak 2 günlik maslahatyň çäginde duşuşar.
Maslahata Ak Tam we Kemp Dewid ýer eýeçiligini eder.
Prezident Barak Obama Eýran bilen geçen aý ýadro gepleşiklerinde gazanylan ylalaşykan soň, ylalaşyga alada bildirýän ýurtlaryň liderlerini mesele barasynda pikir alyşmak üçin ABŞ-na çagyrypdy.
Prezident Obamanyň şol çäkde Bahreýniň, Ummanyň, Kataryň, Saud Arabystanynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň liderleri bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Emma Saud Arabystanynyň Şasy Selman Bin Abdulaziz maslahata gatnaşmaýar.
Umman soltanlygy bilen Bahreýniň hem maslahata ýokary derejede gatnaşmajakdygy habar berildi.
Maslahatda myhman ýurtlaryň wekilleriniň Prezident Obamadan täze ýarag, roketa we harby uçar ýaly harby enjam talap etmegine garaşylýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar