Husilere garşy hüjüm dowam edýär

Ýemende şaýy Husileriň ýarag ammaryna hüjüm guraldy

270675
Husilere garşy hüjüm dowam edýär

Saud Arabystanynyň öňbaşçylyk etmegindäki hyzmatdaş güýçlerine degişli harby uçarlaryň paýtagt Sanada şaýy husileriň ýarag ammaryna guran hüjüminde 5 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy.

Hüjümden soň paýtagtyň gündogaryndaky Nokum dagynda ýerleşýän ok-däri ammarynda partlama boldy.

Beýleki tarapdan Saud Arabystanynyň Ýemen serhedindäki Enjran sebitinde Pakistanyň 2 raýaty ýogaldy.

Resmiler Ýemen tarapyndan atylan roketanyň mekdebe degendigini, wakada Pakistanyň 2 raýatynyň ýogalandygyny, 4 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdiler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar