Ispaniýada harby uçar ýere gaçdy

Waka bilen baglanşykly derňew işi geçirilmäge başlandy

268934
Ispaniýada harby uçar ýere gaçdy

Ispaniýanyň Sewilýa şäherinde synag uçuşyny ýerine ýetirýän Airbus A400M kysymly harby uçaryň ýere gaçmagy sebäpli 4 adam ýogaldy, 2 adam ýaralandy.

Sewilýa howa menziliniň golaýyna ýere gaçan uçaryň Türkiýe tarapyndan satyn alynandygy we soňky synag uçuşyny ýerine ýetirendigi habar berildi.

Heläkçilikden soň Sewilýanyň howa menzili ýapyldy.

Ispaniýanyň Premýer ministri Mariano Ražoý waka bilen baglanşykly derňew işleriniň geçirilmäge başlanandygyny mälim etdi.

Waka bilen baglanşykly Ispaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň Goranmak ministrleri şu gün maslahat geçirer.

Airbus A400M kysymly harby uçarlaryň 2018-nji ýyla çenli Türkiýä 10 sanysy tabşyrylmak meýilleşdirilýärdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar