"Howpsyzlyk geňeşinde Afrika hemişelik agzalyk berilmeli"

Afrika Bileleşigi BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň gurluşyna nägilelik bildirdi

268287
"Howpsyzlyk geňeşinde Afrika hemişelik agzalyk berilmeli"

Afrika Bileleşigine agza 10 ýurtdan ybarabat J10 ýurtlary Howpsyzlyk geňeşinde Afrika hemişelik agzalygyň berilmegini isledi.
Zambiýada duşuşan J-10-na girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleri BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň gurluşyna nägilelik bildirdi.
Ministrde Afrikada dowam edýän çaknyşyklar sebäpli ýygy-ýygyndan Howpsyzlyk geňeşiniň gün tertibine getirilýän Afrika meselesi bilen baglanşykly kararlaryň esasy böleginde wagtlaýyn agza hökmünde hem wekilçilik edilip bilinmeýändigini nygtadylar.
“Afrikany Afrikasyz seljermäň” diýen ministrler Howpsyzlyk geňeşinde Afrika hemişelik agzalygyň berilmegini isledi.
BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde Hytaý, Russiýa, ABŞ, Britaniýa we Fransiýa hemişelik agza hökmünde iş alyp barýar.
Howpsyzlyk geňeşiniň iki ýyldan bir gezek çalyşýan we weto hukugy bolmadyk wagtlaýyn 10 agzasy bar.
Prezident R. T. Erdogan geçen ýylyň sentýabr aýynda BMG-da eden çykyşynda Howpsyzlyk geňeşiniň gurluşyny tanky edip “Dünýä bäşden uly” diýipdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar