Jon Kerri Saud Arabystanyna bardy

Kerri ynsanperwer kömeginiň paýlanmagy üçin Ýemendäki çaknyşyklaryň bes edilmegi çagyryşyny berer

264892
Jon Kerri Saud Arabystanyna bardy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Saud Arabystanyna bardy.
Jon Kerri saparynyň çäginde ilki Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy İçeri işler ministri Muhammed Bin Naýif bilen duşuşdy.
Muhammed Bin Naýif bilen Kerri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi bilen birlikde sebitara we halkara meseleler barada pikir alyşdy.
Jon Kerriniň paýtagt Riýatda Pars Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri bilen duşuşjakdygy we sebitara howpsyzlyk meselesinde hyzmatdaşlyk edilmegi barada pikir alyşjakdygy bellenildi.
Kerri Saud Arabystanynda şeýle hem ynsanperwer kömeginiň paýlanmagy üçin Ýemendäki çaknyşyklaryň bes edilmegi çagyryşyny berer.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar