Siriýa gepleşikleri Ženewada başlady

BMG-niň Siriýanyň hökümetiniň we oppozisiýasynyň wekilleri bilen özbaşdak alyp barjak gepleşikleri Ženewada başlady

262924
Siriýa gepleşikleri Ženewada başlady

BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan Mistura gepleşiklere ýaragly oppozision toparlar bilen birlikde 40-dan gowrak topar bilen hökümetiň wekilleriniň çagyrylandygyny ýatdy.
Mistura “Gepleşiklere Siriýadaky taraplardan daşgary goňşy ýurtlar bilen BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň agzalarynyň degişli bolmagynda 20 sany sebitleýin we halkara guramalar çagyryldy” diýdi.
İlçiler we hünärmenler derejesinde geçiriljek gepleşikleriň 5-6 hepde dowam etmegine garaşylýar.
Siriýanyň Oppozision we ynkylap güýçleriniň Milli hyzmatdaşlygy Ženewadaky gepleşiklere 7-nji maýda gatnaşar.
BMG gepleşiklere Eýran we Türkiýe ýaly sebitleýin hem-de halkara meselelerinde güýçli pozisiýa eýeleýän ýurtlaryň hem çagyrylandygyny mälim etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar