Talibanly başbozarlara garşy operasiýa

Pakistanda Talibanly başbozarlara garşy operasiýa dowam edýär

257160
Talibanly başbozarlara garşy operasiýa

Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Haýber welaýatynda howpsyzlyk güýçleri bilen Talibanly başbozarlaryň arasynda bolan ýaragly çaknyşykda terror guramasynyň 27 agzasy we 1-i kapitan 5 esger ýogaldy.

Pakistanyň Ýaragly Güýçleriniň metbugat geňeşçisi Haýberde Talibanly başbozarlara garşy guralan operasiýanyň üstünlikli dowam edýändigini we Sandapalyň, Tordaranyň, Kundwalanyň we Mehriban Killaý sebitleriniň başbozarlardan saplanandygyny mälim etdi.

Pakistanyň Ýaragly güýçleri geçen ýylyň 15-nji iýunynda Demirgazyk Weziristanda, oktýabr aýynda bolsa Haýber sebitinde Talibanly başbozarlara garşy operasiýa başladypdy.

Operasýada häzirki wagta çenli 2 müň 500 başbozar öldürildi, 100-den gowurak esger bolsa ýogady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar