Al Kaida we DAIŞ-e garşy göreş dowam edýär

Dünýäniň ençeme ýerinde torrorçylara garşy operasiýalar dowam edýär

248734
Al Kaida we DAIŞ-e garşy göreş dowam edýär

Italiýada Al Kaida garşy operasiýa guraldy.

Italiýanyň Milan şäherinde guralan operasiýada Watikana hüjüm etmek üçin taýýarlyk gören terror guramasy Al Kaida agza 18 adam tussag edildi. 

Sardiniýa ada merkezli operasiýa şol bir wagtda 7 aýry sebite guraldy.

Tussag edilen Al Kaidanyň agzalary Pakistanda we Owganystanda ençeme gezek bombaly hüjüm gurapdyr.

Beýleki tarapdan Siriýada we Yrakda terror guramasy DAIŞ-e garşy harby operasiýa dowam edýär.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güçlerine degişli uçarlar çarşenbe güninden bäri jemi 21 gezek howa hüjümini gurady.

Howa hüjümlerinde esasan hem terror guramanyň Felluje, Mosul, Sinjar we Ramadi şäherlerindäki ýerleri nyşana alyndy.

Yragyň hökümeti iki hepde bäri dowam edip gelýän Ramadidäki söweşde DAIŞ-iň käbir strategik ýerlerini basyp alandygyny habar berdi.

Irak güçleri Ramadi'de kent merkezine doğru ilerlerken, Anbar ile Beyci rafinerisinin kontrolünü de tekrar ele geçirdi.

Yragyň Ýaragly güýçleri Ramadidäki hüjümleriniň gerimini artdyrmak bilen çäklenmän, Anbardaky we Beýjidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň

gözegçiligini hem ele geçirdi.

Beýleki tarapdan Müsüriň Sinaý sebitinde DAIŞ-e garşy giň-gerimli harby operasiýalar dowam edýär.

Liwiýada bolsa Tripoli merkezli hökümet bilen DAIŞ-iň Liwiýadaky goly arasynda çaknyşyklar möwjeýär.

Liwiýanyň Sirte şäherinde DAIŞ garşy guralan howa hüjümlerinde terror guramanyň ýarag ammary we gaçypatalgalary ýok edildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar