Putin ABŞ-na hyzmatdaşlyk teklip etdi

“Amerikada halkyň saýlajak täze prezidenti bilen işleşeris”

240940
Putin ABŞ-na hyzmatdaşlyk teklip etdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin “Amerikada halkyň saýlajak täze prezidenti bilen işleşeris” diýdi.
Putin rus “Westi” kanalyna beren beýanatynda, ABŞ-da geljek ýyl geçiriljek prezident saýlawlary baradaky soraglara jogap berdi.
Putin “Amerikada halkyň saýlajak prezidenti bilen işleşeris, çünki biz şahyslar bilen däl eýsem dünýäniň iň uly we güýçli ýurtlaryndan biri bilen hyzmatdaşlyk edýäris” diýdi.
ABŞ bilen roketa goranyş ulgamynyň başda durmagynda birnäçe meselede garaýyş tapawutlylygynyň bardygyny ýatladan Putin “Emma biz käbir meselelerde hyzmatdaşlyk etmäge mejburdyrys. Biz Amerikan halkynyň saýlajak täze prezidenti bilen işleşmäge taýardyrys” diýip belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar