Ukraina kommunistik we faşistik simwollary gadagan etdi

Ukrainanyň Mejlisi nasist we kommunistik ulgamlara degişli simwollaryň ulanylmagyny hem-de şol ulgamlaryň propogandirlenmegini gadagan etdi

232559
Ukraina kommunistik we faşistik simwollary gadagan etdi

Şol döwürlere degişli köçe atlary, baýdaklar, ýadykärlikler we hormat hatlary hem gadagan edildi.
450 agzalyk ukrain mejlisinde geçirilen sese goýulşykda 254 halk deputaty kabul sesini berdi. Kanunyň güýje girmegi üçin Prezident Petr Poroşenko tarapyndan tassyklanmagyna garaşylýar.
Kanun “Totolitar kommunistik we faşistik dolanşyklaryny” ýazgar we şol ulgamlaryň eden zulumlarynyň inkärini gadagan edýär.
Şeýlede şol döwürlere degişli simwollaryň öndürilmegi, paýlanmagy we jemgyýetçilik ýerlerinde ulanylmagy hem gadagan edilýär.
Olaryň dine bilim we ylym maksady bilen peýdalanylmagyna rugsat edilýär. Gonamçylyklardaky simwollar hem gadagançylygyň çägine degişli däl.
Kanuny bozanlar üçin 5-10 ýyl aralygynda tussaglyk jezasy göz öňünde tutulýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar