Eýran Aden aýlagyna harby flot ugratdy

Eýranyň deňiz güýçleri Aden aýlagyna we Babul Mendebe logistiki goldaw gämisinden we destroýerlerden ybarat harby flot ugratdy

231696
Eýran Aden aýlagyna harby flot ugratdy

Döwlet telewideniýesine beýanat beren Eýranyň deňiz güýçleriniň serkerdesi general maýor Habibulla Saýýari 34-nji flotyň işiniň “Eýranyň gämileriniň deňiz ýoly howpsyzlygynyň üpjün edilmegi we Eýranyň deňiz giňişligindäki bähbitleriniň goralmagyndan” ybaratdygyny aýtdy.
Eýranyň deňiz güýçlerine degişli 33-nji flot bolsa Hindi ummanyndaky 77 günlük iş möhletini tamamlap golaýda Eýrana dolanyp barypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar