"Ýewropa giňelmäge dowam etmeli. Biz hem Ýewropa agza bolmaly"

Merkel Ýatsenýuk we Atambaýew bilen duşuşdy

222941
"Ýewropa giňelmäge dowam etmeli. Biz hem Ýewropa agza bolmaly"

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Berlinde Ukrainanyň Premýer ministri Arseniý Ýatsenuk we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew bilen duşuşdy.
Merkel Ukrainanyň Premýer ministri Ýatsenýuk bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýanatynda Ukraina ykdysady taýdan goldaw bermäge dowam etjekdiklerini nygtady.
Ukrainanyň gündogarynda Russiýanyň tarapdary seperatist toparlar bilen 15-nji fewralda gazanylan ylalaşygyň ýerine ýetirilmändigini aýdan Merkel “Ylalaşyga laýyklykda agyr ýaraglar çekilmeli” diýip belledi.
Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Berlinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew bilen hem duşuşdy.
Merkel Gyrgyz Respublikasynyň Ýewraziýa Ykdysady bileleşigine agzalygynyň hem ÝB hem-de Russiýa bilen hyzmatdaşlyk etmegi bilen mümkin boljakdygyny aýtdy.
Gyrgyz lider Atambaýew hem ýurdunyň Germaniýa bilen birlikde ÝB-ne agza beýleki ýurtlar bilen hem gatnaşyk edýändigini nygtady.
Atambaýew “Ýewropa giňelmäge dowam etmeli. Biz hem Ýewropa agza bolmaly” diýip belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar