Eýran Saud Arabystanyna hyzmatdaşlyk çagyryşyny berdi

Abdullah Ýemende söweşýän taraplara gepleşik çagyryşyny berdi

291146
Eýran Saud Arabystanyna hyzmatdaşlyk çagyryşyny berdi

Eýran Ýemende başdan geçirilýän wakalaryň çözülmegi üçin Saud Arabystany bilen hyzmatdaşlyk edip biljekdigini aýtdy.
Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Hüseýin Emir Abdullah Ýemende söweşýän taraplara gepleşik çagyryşyny berdi.
Saud Arabystanynyň Ýemendäki harby hüjümlerini gyssagly bes etmegini isleýän Abdullah, operasiýany “strategik ýalňyşlyk” hökmünde häsiýetlendirdi.
Eýran harby hüjümleriň başlan gününden bäri ilkinji gezek Ýemene ynsanperwer kömegini ugradandygyny habar berdi.
Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Suud Al Faýsal bolsa söweşi özleriniň başlatmandygyny nygtady we Ýemende durnuklylyk ýola goýulýança operasiýalaryň dowam etjekdigini nygtady.
Pakistanyň Goranmak ministri Kawaža Asif operasiýa gatnaşyp gatnaşmazlyk meselesinde pikir alyşmak üçin Saud Arabystanyna gitdi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar