Soýuz Halkara Emeli hemra bekedine ornaşdy

Soýuz hemrasynda amerikaly astronawt Skot Kelli bilen rus astronawtlar Mihail Korniýenko we Gennadi Padalka bar

285505
Soýuz Halkara Emeli hemra bekedine ornaşdy

Gazagystanyň Baýkonur kosmos bazasyndan uçurlan Soýuz emeli hemrasy Halkara Emeli hemra bekedine ornaşdy.
Emeli hemra bekedine ornaşan Soýuz hemrasynda amerikaly astronawt Skot Kelli bilen rus astronawtlar Mihail Korniýenko we Gennadi Padalka bar.
Gennadi Padalka 6 aý soň gaýdyp geler, amerikaly astronawt Skot Kelli bilen rus astronawt Mihail Korniýenko bolsa emeli hemra bekedinde 1 ýyl iş alyp barar.
NASA-nyň çäginde ilknji gezek astronawtlar şeýle köp wagt hemrada galar.
Amerikaly astronawt Skot Kelliniň ekizi astronawt Mark Kelli bolsa şol döwürde Amerikan Awiasia we kosmos gullugy NASA-da gözegçilik astynda bolar.
Mark ol ýerde dürli synaglardan geçirler
NASA şol synaglarda emeli hemranyň ynsanyň bedenine ýetirýän täsirini barlar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar