ABŞ Saud Arabystanly iki uçarmany halas etdi

Uçarmanlaryň uçardaky tehniki näsazlyk sebäpli uçardan bökendigi ýatladyldy

285086
ABŞ Saud Arabystanly iki uçarmany halas etdi

ABŞ Aden aýlagynda harby uçardan bökmäge mejbur bolan Saud Arabystanly iki uçarmany halas edendiklerini habar berdi.
Saud Arabystanynyň kömek çagyryşy sebäpli Jibutiden dik uçaryň uçuran Amerikanyň ýaragly güýçleri iki uçarmanyň halkara suw giňişliginde halas edilendigini mälim etdi.
Uçarmanlaryň saglyk ýagdaýynyň gowydygy bellenildi.
Uçarmanlaryň ulanýan F15 kysymly uçarynyň Ýemene hüjüm eden uçarlardan biri bolup bolmandygy barada bolsa beýanat berilmedi.
Uçarmanlaryň uçardaky tehniki näsazlyk sebäpli uçardan bökendigi ýatladyldy.
Saud Arabystanynyň Şasy Selman ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama telefon edip uçarmanlarynyň halas edilendigi sebäpli minnetdarlyk bildirdi.
Telefon söhbetdeşliginde iki lider şeýle hem Ýemendäki soňky wakalar barada hem pikir alyşdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar