Germaniýanyň Kansleri we Gresiýanyň Premýer ministri Berlinde duşuşdy

Aleksis Çipras we Angela Merkeliň duşuşygynyň ileri tutulan ugry garaşylşy ýaly Gresiýanyň ykdysady ýagdaýy boldy

279082
Germaniýanyň Kansleri we Gresiýanyň Premýer ministri Berlinde duşuşdy

Çipras taýarlan özgertme sanawyny Merkele gowşurdy.
Özgertme sanawynda salgytlaryň mukdarynyň artdyrylmagy, hususylaşdyrma we salgyt gaçgakçylygynyň öňüniň alynmagy ýaly käbir ugurlar bar.
Duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda söz sözlän Angela Merkel “Germaniýa özgertme maksatnamasynyň dogry ýa-da ýeterlikdigini seljerýän edara däl. Biz Ýewropa giňişliginiň 19 agzasyndan diňe biri” diýdi.
Merkel Gresiýanyň puşmana tölegi baradaky islegi bilen bagly meseläniň bolsa nemes hökümeti taýdan syýasy we kanuny taýdan ýapylandygyny ýene-de bir gezek nygtady.
Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çipras bolsa iki ýurduň arasynda soňky ýyllarda artýan dartgynlyk baradaky soraga “Merkel diňleýär we pikir alyşmanyň dowam etmegini isleýär. Belkem daşarda biziň gatnaşyklarymyz boýunça başgaça düşünje bar. Emma gatnaşyklarymyz oňyn. Bu ýalňyş pikirlerden biri” diýip jogap berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar