Fransiýada uçar ýere gaçdy

Uçaryň 142 ýolagçysy we 6 ekipažy bardy

279271
Fransiýada uçar ýere gaçdy

Germaniýanyň Germanwings howa ýollaryna degişli Barselona-Dusseldorf saparyny ýerine ýetirýän Airbus A320 kysymly uçar Fransiýada ýere gaçdy.
Ýurduň günortasyndaky obalarda biriniň golaýyndaky daglyk ýere gaçan uçaryň 142 ýolagçysy we 6 ekipažy bardy.
Radiolokasion ýazgylaryna görä uçar tizlik bilen ýere gaçypdyr.
Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland: “Diri galan adam bardyr öýdemok“ diýdi.
Fransiýanyň Içeri işler ministri Bernard Kazeneuwe heläkçiligiň bolan ýerine gitdi.
Uçardaky ýolagçylaryň şahsyýetleri barada entek beýanat berilmedi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar