Siriýada dik uçar ýere gaçdy

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçlere degişli dik uçar oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky ýere gaçdy

276700
Siriýada dik uçar ýere gaçdy

Siriýaly oppozisionerler tarapyndan berilen beýanata görä, dik uçar Siriýanyň demirgazyk-günbataryndaky Nusranyň gözegçiligi astyndaky ýere gaçandygy mälim edilýär.
Harby dik uçardaky 6 adamyň 1-i ýogaldy, 1-i oppozisionerler tarapyndan öldürildi, 4-i bolsa zamun alyndy.
Siriýanyň hökümeti dik uçaryň ýere gaçmandygyny, tehniki näsazlyk sebäpli gyssagly gonandygyny habar berýär.
BMG Siriýanyň hökümetini dik uçarlar arkaly barrel bombalaryny atmak bilen günäkärleýär.
Ýurduň Prezidenti Beşşar Asad bolsa bu günäkärlemeleri kabul edenok.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar