Eýran bilen Yrak jesetlerini çalyşýar

Yrak söweşde dereksiz ýiten 50 müň, Eýran bolsa 30 müň adamyň tapylmagy üçin tagalla edýär

257742
Eýran bilen Yrak jesetlerini çalyşýar

Eýran bilen Yragyň arasynda 2008-nji ýylda Ženewada baglaşylan teswirnama laýyklykda iki ýurt jesetlerini çalyşýar.
Yragyň Adam hukuklary ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda Yragyň Basra şäherinde Eýran-Yrak urşunda ýogalan Yrakly 1 zenan bilen Eýranly 40 adamyň süňkleriniň tapylandygy nygtaldy.
Süňkleriň “Şehitleri kabul edip alyş” merkezine tabşyrlandygy ýatladyldy.
Yrak söweşde dereksiz ýiten 50 müň, Eýran bolsa 30 müň adamyň tapylmagy üçin tagalla edýär.
Dereksiz ýitenleriň tapylmagy üçin Basra şäherindäki Ummu Rasas adasynda gazuw agtaryş işleriniň geçirilmegi üçin taýarlyk görülýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar