Pakistan bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklar kadalaşýar

Daşary işler ministrleri düşnüşmezlik emele getirýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenişdi

247140
Pakistan bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklar kadalaşýar

Pakistan bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklar daşary işler ministrleri derejesinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
Pakistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleri Kaşmir meselesiniň başda durmagynda iki ýurduň arasynda düşnüşmezlik emele getirýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenişdi.
Hindistanyň Daşary işler ministri Subramanýyn Jamdrasikar iki günlik resmi saparynyň çäginde Pakistanyň Daşary işler ministri Aziz Ahmet Çodri bilen duşuşdy.
Pakistan bilen Hindistan 1947-nji ýylda garaşsyzlyklaryna eýe bolandan soň üç gezek söweşdi, birnäçe gezek hem söweşiň bosagasyna çenli gelindi.
İki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar soňky gezek Pakistanyň Premýer ministri Nawaz Şerifiň Hindistanyň Premýer ministri Narendra Modiniň kasam edişlik dabarasyna gatnaşmagy bilen kadalaşmaga başlady.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar