Boris Nemtsow soňky ýoluna ugradylýar

Nemtsow oýnaşy bilen öýüne barýarka 4 gezek ot açylmagy sebäpli ýogalypdy

245752
Boris Nemtsow soňky ýoluna ugradylýar

Anna güni janyna kast edilen rus oppozisionleriniň lideri Boris Nemtsow soňky ýoluna ugradylýar.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Ukraina syýasatyna we ýurtdaky galplyklara garşy tutumy bilen tanalýan Nemtsowy soňky ýoluna ugratmak üçin müňlerçe adam geldi.
Paýtagt Moskwadaky Saharow merkezinde Nemtsow üçin guralan dabara halk deputatlary bilen birlikde daşary ýurtden gelen wekiller hem gatnaşdy
Prezident Wladimir Putin bilen Premýer ministr Dmitri Medwedewyň bolsa dabara gatnaşjakdygy habar berildi.
Polşaly we Latwiýaly parlamentarlaryň Russiýa goýlan çäklendirmelere goldaw berendikleri sebäpli jynaza gatnaşmaklaryna rugsat berilmedi.
56 ýaşyndaky Nemtsow anna güni agşamy Ukrainaly oýnaşy 23 ýaşyndaky Anna Duritskaýa bilen birlikde öýüne barýarka 4 gezek ot açylmagy sebäpli ýogalypdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar