Sisi Arap güýjüniň döredilmegi üçin çagyryş etdi

Sisi Müsüriň hiçbir ýurdy basyp almak niýetiniň ýokdygyny belledi

228300
 Sisi Arap güýjüniň döredilmegi üçin çagyryş etdi

Müsüriň Prezidenti Abdül Fettah As Sisi radikal toparlara garşy göreşmek üçin Arap güýjüniň döredilmegi barada çagyryş etdi.
Telewideniýe kanalynda çykyş eden Sisi Müsüriň hiçbir ýurdy basyp almak niýetiniň ýokdygyny, emma ýurdunyň Arap ýurtlary bilen birlikde sebitini goramaga mejburdygyny belledi.
Sisi geçen hepde Liwiýada 21 musulmanyň wagşylarça öldürilmeginden soň Birleşen Arap Emirlikleri bilen İordaniýanyň esger ugratmagy teklip edendiklerini nygtady.
YSYS terror guramasynyň müsürlileri öldürmeginden soň Müsüriň harby uçarlary Liwiýanyň Derna şäherinde YSYS-a degişli nyşanalary bombalapdy.
Beýleki tarapdan YSYS terror guramasy Liwiýanyň paýtagty Tripolide Eýranyň ilçihanasyna hüjüm gurady. İlçihananyň boşdygy sebäpli hüjümde ölen ýada ýaralanan bolmady.
YSYS terror guramasy anna güni Liwiýanyň gündogaryna guran kamikaze hüjüminde 40 adamy öldürdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar