Bosniýa-Gersogowinanyň täze hökümedi belli boldy

Bosniýa-Gersogowinada birnäçe aý dowam eden düşünişmezlikden soň, şäriklik hökümetiniň agzalary belli boldy

228747
Bosniýa-Gersogowinanyň täze hökümedi belli boldy

9 ministirligiň 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen saýlawlarda üstünlik gazanan partiýalaryň arasynda paýlaşylmaga ylalaşyk gazanyldy.
Harwat partiýasy bolan Harwat Demokrat Bileleşigine 3, Özgerlişik üçin koalisiýa 3, Demokrat topara 1 we Demokratik hereket partiýasyna hem 2 ministirlik berildi.
Bosniýa-Gersogowinanyň Üçlü Prezidium geňeşi, ozal Demokratik hereket partiýasynyň agzasy bolan Denis Zwizdiçi minsitirler kabinetiniň başlyklygyna belläpdi.
Harwat Demokrat Bileleşiginden Marinko Çawary Bosniýa-Gersogowina federasiýasynyň başlyklygyna, Melika Mahmutbegowiçi we Milan Dunowiçi bolsa başlygyň orunbasary wezipesine bellenildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar