Çipras: "Maksadyma ýetdim ýöne göreş dowam edýär"

Gresiýanyň Premýer ministiri Aleksis Çipras: Gresiýanyň hökümeti Ýewropa Bileleşigi bilen bolan agyr we dartgynly geçen maslahatda esasy maksadyna ýetendigini aýtdy

227775
Çipras: "Maksadyma ýetdim ýöne göreş dowam edýär"

Çipras Grek telewideniýesi arkaly halka ýüzlenip eden çykyşynda, ÝB bilen bolan maslahatda tutanýerlilik görkezip maksadyna ýetendigini, ýöne göreşiň dowam etjekdigini nygtady.
Çipras Gresiýanyň öňünde "uzyn we çarkandakly ýolyň" bardygyny ýatlatdy.
Çipras tygşytlylyk syýasatynda, memorandumlarda we Üçlük meselelerinde öňe gidişlikleriň bardygyny nygtap, "Ýewropa Bileleşiginiň içindäki ýolumyzy üýtgetmek üçin aýgytly ädim etdik ýöne maslahatlaşma gutarmady" diýdi.
Premýer ministir Çipras Gresiýanyň hökümetiniň grek halkynyň goldawy bilen Ýewropa Bileleşigine garşy göreşýändigini we ýurdy aýak üstünde saklanmagynyň esasy sebäbiniň hem şoldugyny nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar