Gresiýa Çiprasy goldaýar

Gresiýanyň Premýer ministiri Aleksis Çiprasy goldamak üçin diňe Gresiýada däl eýsem başga ýurtlarda-da ýörişler geçiriler

218889
Gresiýa Çiprasy goldaýar

Aleksis Çiprasyň ýolbaşçylygyndaky hökümet kredit berýän ýurtlar bilen kredit almak üçin gepleşiklerini dowam etdirýär.

Şu gün dünýäniň çar tarapynda Çiprasy goldamak üçin ýörişler geçiriler.


Jemgyýetçilik serişdeleri arkaly jemlenişen adamlar, Ýewropa ýurtlarynyň paýtagtlaryndan başgada, ABŞ-da we Braziliýada-da ýöriş geçirerler.

Ýöriş Grek hökümediniň Troýka diýip atlandyrylýan ÝB komissiýasyna, Ýewropanyň Merkezi bankyna we Halkara pul gaznasyna garşy göreşini goldamak üçin geçiriler.


Ýörişiň esasy maksady, duşenbe güni geçiriljek Eurogrup Maliýe ministirlikeriniň maslahatyndan öň, Gresiýanyň sesini bütün dünýä eşitdirmek bolup durýar.


Gresiýada Çiprasy goldamak üçin Afinadan başgada ençeme şäherde şol bir sagatda ýörişler geçiriler.

Afinanyň Sintagma meýdanynda üç gün öň hem 20 müň adam ýöriş geçiripdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar