Daniýada terrorçylykly hüjüm guraldy

Kopengagenden hüjüm habarlary gelmäge dowam edýär

218888
 Daniýada terrorçylykly hüjüm guraldy

Daniýanyň paýtagty Kopengagende yslam we söz azatlygy meselesine garalýan maslahata ýer eýeçiligini edýän kafe guralan hüjümde 1 adam ýogaldy, 3 polis ýaralandy.
Maslahata gatnaşýanlaryň arasynda 2007-nji ýylda Hazreti Muhammedi kemsidýän karikatura ýer bermek uly jedelleşige sebäp bolan Şwesiýaly karikaturaçy Lars Wilks hem bardy.
Wilskiň we maslahata gatnaşan Fransiýanyň ilçisiniň wakadan ýaralanmazdan halas bolandygy nygtaldy.
Wakanyň terrorçylykly hüjümdigini aýdan Daniýanyň Premýer ministri Hele Torning Şimit ýurtda berk howpsyzlyk çäreleriniň görlendigini ýatlatdy.
Kafede guralan hüjümden birnäçe wagt soň Kopengagenden ikinji hüjüm habary gelip gowşuşdy.
Ýurduň iň uly sinagogynyň ýerleşýän köçesinde guralan ýaragly hüjümde 3 adam ýogaldy.
Hüjümleriň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.
Kopengagenden hüjüm habarlary gelmäge dowam edýär.
Gözegçilik merkezindäki polislere hüjüm eden bir adam polis tarapyndan atylyp öldürildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar