Öldürlen 3 musulman üçin hatyralama çäresi geçirildi

3 musulmanyň öldürilmegine yslam dünýäsi çuňňur gynanç bildirýär

218549
Öldürlen 3 musulman üçin hatyralama çäresi geçirildi

3 musulmanyň ABŞ-nyň Demirgazyk Korolina ştatynda öldürilmegine yslam dünýäsi çuňňur gynanç bildirýär.
Öldürlen ýaşlar üçin dünýäniň dürli künjeginde hatyralama çäreleri geçirilýär.
Ýaşlar üçin Awstriýanyň paýtagty Wenada Gurhan okaldy.
Musulman jemgyýetçilik guramasy tarapyndan geçirlen hatyralama çäresine 400 adam gatnaşdy.
Hatyralama çäresine gatnaşanlar günbatarly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we syýasatçylaryň biperwaý tutumyny tankyt etdiler.
Öldürlen musulman ýaşlar üçin Gollandiýada hem hatyralama çäresi geçirildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar