Abbas Ýewropa ýurtlaryndan goldawa garaşýar

Abbas ÝB-den Palestinany döwlet hökmünde resmi taýdan ykrar etmegini isleýär

216851
Abbas Ýewropa ýurtlaryndan goldawa garaşýar

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas Ýewropadaky goldaw saparlaryna Şwesiýadan başlady.

Palestinany 30-njy oktýabrda resmi taýdan ykrar edendigini beýan eden Şwesiýa Abbasyň saparynyň çäginde Palestina 159 million ýewrolyk kömek berjekdigini aýan etdi


Stokgolmdaky Palestinanyň wekilhanasyny ilçihana derejesine göteren Mahmud Abbasyň soňky duralgasy bolan Brýussel boldy.


Mahmud Abbas ilki Belgiýanyň Premýer ministri Şarl Mişel bilen duşuşdy.


Geçen hepde Belgiýanyň Federal Parlamenti Palestinanyň döwlet hökmünde ykrar edilmegini maslahat berýän taslamany tassyklapdy.


Palestinanyň lideri Abbas Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň başlygy Ýan Klod Ýunker we ÝB-niň Daşary syýasat boýunça ýokary wekili Frederika Mogerini bilen hem duşuşdy.


Abbas ÝB-den parahatçylyk etabynda esasy rol oýnamagyny we Palestinany döwlet hökmünde resmi taýdan ykrar etmegini isleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar