"Ukraina aragatnaşyk topary" Belarusyň paýtagty Minskde jemlenşdi

Maslahatda döwlet ýolbaşçylarynyň sammitine görülýän taýarlyklar barada pikir alyşyldy

216086
"Ukraina aragatnaşyk topary" Belarusyň paýtagty Minskde jemlenşdi

Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Russiýanyň, Ukrainanyň we rus tarapdarlarynyň wekillerinden ybarat bolan aragatnaşyk toparynyň agzalary dört taraplaýyn ýokary derejeli maslahatdan ozal jemlenşdiler.
Metbugata ýapyk häsýetde geçirilen maslahatda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň, Germaniýanyň Premýer ministri Angela Merkeliň, Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenkonyň we Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olandyň gatnaşjak maslahatyndan ozal detallar barasynda pikir alyşyldy.
Duşuşyga Ukrainanyň ozalky döwlet ministri Leonid Kuçma, Russiýanyň Ukrainadaky ilçisi Mihail Zurabow, ÝHHG-nyň Kiýewdäki wekili Heidi Tagliawini bilen Ukrainanyň gündogarynda separatistler tarapyndan yglan edilen Donetsk we Lugansk Halk Respublikalarynyň wekilleri Denis Puşilin we Wladislaw Deýnego gatnaşdy.
Taraplar maslahatda Ukraianyň gündogarynda hüjümleriň bes edilmeginiň şertleri seljerilip, sebitiň syýasy gurluşy we geljegi barada giňişleýin pikir alyşyldy.
Ukrainanyň gündogarynda bolsa dartgynlyk habarlary gelmäge dowam edýär.
Donetskde awtowus bekedine bombaly hüjüm guraldy. wakada azyndan iki adamyň ýogalandygy, ýaralananlaryň bardygy habar berilýär.
Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Miniskde geçiriljek maslahatdan ozal Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Obama Putin bilen geçiren söhbetdeşliginde ýurdunyň Ukrainanyň özygtyýarlygyna we territorial bitewiligine berýän goldawyny ýene-de bir gezel nygtady.
Barak Obama Russiýanyň Ukrainadaky separatistlere goldaw bermek maksady bilen esger, ýarag we maliýe serişdesini ugradyp, agressiw çemeleşmelerini dowam etdirmeginiň resmi Moskwa gymmat düşjekdigini ýatlatdy.
Obama Poroşenko bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde bolsa Ukrainanyň raýatlarynyň ýogalmagy sebäpli duýgudaşlyk bildirdi we gepleşiklere goldaw berýändigini nygtady.
Obama ýurdunyň Ukraina maliýe goldawyny bermekde ygrarlydygyny hem belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar