"Türkiýe bilen Eýran birlikde hereket etmeli"

Ahmedinežad Türkiýe bilen Eýranyň birlikde hereket etmelidigine ünsi çekdi

215890
"Türkiýe bilen Eýran birlikde hereket etmeli"

Eýranyň ozaky prezidenti Ahmedinežad möhüm beýanat berdi.
8 ýylyň dowamynda Günbatarly ýurtlara garşy berk tutum alyp baran we ýurdunyň ýadro maksatnamasy meselesinde egilşik etmedik Eýranyň ozalky Prezidenti Mahmud Ahmedinežad TRT-ä beýanat berdi.
Sebitiň güýçli iki ýurdy hökmünde Türkiýe bilen Eýranyň birlikde hereket etmelidigine ünsi çeken Ahmedinežad, musulman ýurtlarynyň arasynda dartgynlyk emele getirmäge çalşylýandygyny emma duzaga düşmejekdiklerini nygtady.
Ahmdinežad Eýranyň ýadro maksatnamasy barada bolsa “Bu mesele Eýran üçin milli meseledir. Eýran ýadro ýaraglarynyň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almak baradaky şertnama goýdy. Eýran ýarag däl eýsem diňe ýadro energiýasyny öndürmegi maksat edinýär. Eýranyň hem her bir ýurt ýaly ýadro energiýasyny öndürmek hukugy bar”diýip belledi.
Ahmedinežad Türkiýäniň Palestina meselesinde alyp barýan tutumy barada hem öwgüli sözler aýtdy.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar