Taýwanda uçar heläkçiligi...

Taýwanda ýolagçy uçary derýa gaçdy

211289
Taýwanda uçar heläkçiligi...

Şinhua habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, TranswAsia howaýollaryna degişli ýolagçy uçary, 58 ýolagçysy bilen Taýwanyň paýtagty Taýpeýden Kinmyna barýarka derýa gaçdy. Heläkçilikde 9 adamyň ýogalandygy habar berilýär.
Uçardan uçandan gysga wagt soň ýerli wagt bilen sagat 11:00-da aragtnaşyk kesilipdir. Hytaýyň habarlar gullugyndaky suratlara görä uçar ýere gaçmazdan ozal derýanyň üstündäki köprä degip ganadynyň gopandygy görülýär.
Heläkçilikden halas bolanlaryň 28-si hassahana ýatyryldy. Uçardaky ýolagçylaryň 31-niň Hytaý raýatlarynyň bolandygy beýan edilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar