Afrika Bileleşiginiň 24-nji maslahaty öz işine başlady

Maslahata Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly gatnaşýar

203598
Afrika Bileleşiginiň 24-nji maslahaty öz işine başlady

Efiopiýanyň paýtagty Addis Ababada geçirilýän liderler maslahatyna Bileleşigiň strategik hyzmatdaşy hökmünde Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly gatnaşýar.
Afrika Bileleşiginiň 24-nji maslahaty “Zenanyň güýçlendirilmegi we Afrikanyň galkynyşy” temasy bilen jemlenişdi.
Afrika bileleşigine agza ýurtlaryň liderleriniň we synçy ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän maslahatda Türkiýä Daşary işler ministri Çawuşogly wekilçilik etdi.
Oturlyşykdan ozal Efiopiýaly kärdeşi Tedros Abhanom bilen duşuşan Çawuşogly geçiren iki çäk duşuşygy barada beýanat berdi.
Krym Tatar milli mejlisiniň başlygynyň orunbasary Ahtem Çiýgöziň Russiýa Federassiýasy tarapyndan göz tussaglygyna alynmagy barada maglumat beren Çawuşogly Russiýanyň Krym tatarlary barada beren sözünde durmandygyna ünsi çekdi.
Çawuşogly mundan başgada Nigerýanyň Prezidenti bilen hem duşuşdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar