Ýemende syýasy krizis dowam edýär

Hökümetiň agzalary bilen Husileriň arasynda geçirlen gepleşikerden netije alnyp bilinmedi

200665
Ýemende syýasy krizis dowam edýär

Ýemende syýasy krizis dowam edýär.
BMG-nyň Ýemen boýunça ýörite wekili Jemal Bin Ömer hökümetiň agzalary bilen Husileriň arasynda geçirlen gepleşikerden netije alnyp bilinmändigini aýtdy.
Husiler Prezident geňeşiniň döredilmegini teklip edýär.
Halk Kongresi partiýasy bolsa Prezident Hadiniň wezipesinden çekilmegini we şol wezipä Mejlisiň başlygy Ýahýa Ar Rainiň wagtlaýyn bellenmegini isleýär.
Beýleki tarapdan Ýemeniň paýtagty Sanada Husiler tarapyndan zamun alynan milli dialog etabynda esasy orun eýeleýän Prezident gullugynyň ýolbaşçylaryndan Ahmed Awad Bin Mübärek boşadyldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar