BMG Liwiýa guralan hüjümi ýazgardy

Tripolide myhmanhana guralan bombaly hüjümi ýazgaryldy

199588
BMG Liwiýa guralan hüjümi ýazgardy

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Liwiýanyň paýtagty Tripolide myhmanhana guralan bombaly hüjümi ýazgardy.
BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi tarapyndan berlen beýanatda hüjümiň jogapkärleriniň gysga wagtda tussag edilmegi islendi.
Mundan başgada Liwiýadaky ähli taraplardan ýurtdaky howpsyzlygyň we syýasy durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin giň gerimli çözgüt etabyna goldaw bermekleri islendi.
Liwiýanyň paýtagty Tripolide düýn maskaly we ýaragly adamlar tarapyndan myhmanhana guralan hüjümde 5-i daşary ýurtly 9 adam ýogalypdy.
Ýogalanlardan biriniň Amerikaly, biriniň hem Fransiýalydygy habar berildi.
Hüjümiň jogapkärçiligini YSYS-iň Liwiýadaky bölümi ös üstüne aldy.
Hüjümiň guralan mahaly Premýer ministr Ömer Al Hasiniň hem myhmanhanadadygy emma howpsyz ýagdaýda daşary çykarlandygy nygtaldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar