Ukrainada dartgynlyk möwjeýär

Ukrainanyň gündogarynda Russiýanyň tarapdarlary bilen merkezi hökümetiň arasyndaky gepleşikler netije bermänligi sebäpli dartgynlyk möwjeýär

189593
Ukrainada dartgynlyk möwjeýär

Russiýanyň tarapynda durýan separatistler tarapyndan alynan Donetsk howa menzili ukrain goşuny tarapyndan yzyna alyndy.
Çaknyşyklarda iki tarapdanda esgerler bilen birlikde 7 ýaşly bir çaganyň ýogalandygy, asuda ilatdan-da aradan çkanlaryň bardygy habar berildi.
Taraplar ýolagçy awtobusyna od açylmagy netijesinde 13 adamyň ýogalmagy sebäpli biri-birini günäkärleýär.
Ukrainanyň Prezident Petr Poroşenko Kiýewdäki demonstrasiýada eden çykyşynda, ýurduň bir garyş ýerini hem bermejekdiklerini aýtdy.
Ýurtda soňky bir hepdede dartgynlygyň möwjemegi, sebäpli Russiýa aladalanýandygyny mälim etdi.
Düýn Kremlden berilen beýanatda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň geçen hepde Petr Poroşenko hat ugradyp, Ukrainanyň gündogarynda iki tarapyň hem agyr ýaraglaryny yzyna çekmegi teklip edendigi, emma resmi Kiýewiň ony kabul etmändigini, başga alternatiwa hem hödürlemändigi habar berildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar