Eýrana täze sanksiýa goýulmazlygy barada duýduryş berildi

Obama bilen Kameron Eýrana täze sanksiýa goýulmazlygy barada duýduryş berdi

187293
Eýrana täze sanksiýa goýulmazlygy barada duýduryş berildi

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama bilen Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameron Eýrana täze sanksiýalaryň goýulmazlygy barada Amerikan Kongresine duýdyryş berdi.
Barak Obama bilen Dewid Kameron Ak Tamda metbugata beýanat berdi.
Prezident Obama demokratlardan Eýrana täze sanskiýalaryň goýulmagy baradaky karara garşy ses bermeklerini isledi.
Obama Kongrese resmi Tähranyň gepleşiklerden çekilmegine sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durmak barada duýduryş berdi.
Kameron hem kongresiň agzalaryny sabyrly bolmaga çagyrdy.
Demokrat we respublikan partiýasynyň agzalarynyň birlikde kabul etmegi meýilleşdirýän täze sanskiýa kararlaryny yza süýşürmeklerini isledi.
5+1 ýurtlary hökmünde bilinýän Eýran bilen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasy bilen Germaniýa ýadro gepleşikleri meselesinde ylalaşyk gazanylmagyny isleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar