Prezidentiň öýüniň öňünde 1 adam ulagyny polisleriň üstüne sürdi
Sürüjiniň bilkastlaýyn hereketi sebäpli 1 zenan polis ýogaldy
Fransiýada “Şarli Ebdo” žurnalyna guralan hüjümden soň berk howpsyzlyk çäreleriniň görlendigine garamazdan ýene-de bir waka başdan geçirildi.
Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olandyň öýüniň öňünde bir adam ulagyny polisleriň üstüne sürdi.
Wakada 1 zenan polis ýaralandy.
Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olandyň öýüniň öňünde başdan geçirlen wakada gatnawa diňe 1 taraply ýagdaýda rugsat berilýän ýola ters giren sürüji ulagyny polisleriň üstüne sürdi.
Sürüjiniň bilkastlaýyn hereketi sebäpli 1 zenan polis ýogaldy. 2 adam söz tussaglygyna alyndy.
Wakanyň 17 adamyň ýogalmagyna sebäp hüjüm bilen arabaglanşykly bolup bolmandygy barlanýar.
Degişli Habarlar
Gazada 41 Müň 534 Adam Ýogaldy
Hüjümlerde ýogalanlaryň sany 41 müň 534, ýaralananlaryň sany hem 96 müň 92 adama ýetdi.
“Fransiýa, Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder”
Makron bilen Zelenskiý, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 79-njy Sessiýasynyň çäginde Nýu-Ýorkda duşuşdy.